JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Tükrmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti doglan güni bilen gutlap, oňa saglyk we uly üstünlikler, doganlyk Özbegistanyň halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda, şol san-da senagat, energetika, oba hojalygy, ulag we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

“Şawat-Daşoguz” serhetýaka erkin söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki işleriň ilkinji netijeleri uly kanagatlanma bilen nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny iberipdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda — Söwda merkeziniň gurluşygyna badalga berilýär.

Related posts

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygy koreý işewürini kabul etdi

Leave a Comment