JEMGYÝET

Jumamyrat Gurbangeldiýew bilim ministri wezipesine bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Baýramgül Orazdurdyýewany başga wezipe bellendigi üçin bilim ministri wezipesinden boşatdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bellendi.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine bu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa bellendi.

Related posts

Dünyadaki en büyük satici

Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan: ygtyýarly ykdysady operatorlar ykrar ediler

Stambuldan Türkmenbaşa uçar gatnawy amala aşyryldy