MEDENIÝET

Türkmenistan bilen Özbegistan bilelikde çeper film surata düşürer

Golaýda paýtagtymyz Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin goňşy Özbegistanyň kinematograflaryndan ybarat topar hem Aşgabatda geldi.

Halkara media forumyň çäklerinde türkmen we özbek kinematograflaryň arasynda gepleşikler geçirilip, onda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper filmi bilelikde surata düşürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda kinematograflar filmiň ssenariýasyny tassyklamak işini geçirýärler. Filmiň surata düşüriliş işlerini Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Sumbar jülgesinde, şeýle hem Özbegistanyň Hywa hem-de Buhara şäherlerinde amala aşyrmak maksat edinilýär.

Bu çeper filmde baş keşbi türkmen aktýory ýerine ýetirer.

Çeper filmi döretmek türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda durýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri