Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan maslahatynda çykyş eden Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew birnäçe günden bäri Türkmenistanda giň göwrümli çäreleriň gurnalýandygynyň şaýady bolýandyklaryny belledi.
Türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşup gelýän hem-de 30 ýyldan bäri iş alyp brýan TÜRKSOÝ guramasynyň ähmiýetini belläp geçen Raýew häzirki döwürde habarlar, dokumental filmler, filmler, aýdym-saz we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, medeni alyş-çalyşlar we jemgyýetçilik media ulgamlarynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
TÜRKSOÝ guramasy hökmünde metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hemişe goldamaga taýýardyklaryny bellän Sultan Raýew türki dünýäsiniň gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

Sultan Raýew milli telewideniýe we radio ýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, türki döwletleriň teleýaýlymlaryny bir ýerde jemleýän türki dünýäsiniň ýaýlymlar bileleşiginiň döredilmegi ugrunda tagalla edilýändigini belledi.
Şu gezekki metbugat maslahatyna 14 döwletden 100-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Foruma köp sanly iri habarlar gulluklarynyň, teleýaýlymlaryň, şol sanda TÜRKSOÝ guramasyna degişli ýurtlaryň metbugat wekilleri, Türkmenistanyň teleýaýlymlar we kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän döwletlerinden metbugat wekilleri gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Metbugat maslahaty «Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly media we habarlar», «Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar» atly bölümçelerde dowam etdi.
