Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi binasynda Halkara Nowruz güni bellenilip geçildi. Oňa Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hem gatnaşdy.
Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylary BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş wideoýüzlenme bilen gutlag hatyny iberdi.
Dabara 12 döwletiň – Türkiýe, Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Yrak, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Pakistan we Özbegistan ýaly döwletleriň ilçileri gatnaşdy.
BMG-niň Baş sekretary Nowruzyň täze başlangyçlaryň, täze ýylyň başlangyjy, baharyň we tebigatyň täzelenmeginiň, millionlarça adamy, nesilleri we halklary birleşdirýän baýramçylykdygyny aýtdy. Guterres, Nowruzy gutlaýan ähli halklaryň wekillerine gutlag iberdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň başlygy Dennis Frensis hem dabara agatnaşyp, Nowruz baýramy mynasybetli gutlady.
Soňra dabara gatnaşan 12 döwletiň ilçileri çykyş etdiler. Olar öz ýurtlarynda Nowruz baýramynyň bellenilip geçilişi we bu baýramçylyga goýulýan hormat barada belläp geçdiler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi.
