BIZNES

Aşgabatdaky sergi owgan telekeçileri üçin uly üstünlik boldy

Şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda geçirilen owgan harytlarynyň sergisi netijeliligi bilen tapawutlandy. Sergä gatnaşan owgan kompaniýalary tarapyndan hödürlenen önümleriň agramly bölegi ykdysady gözden geçirilişigiň çäklerinde satyldy. Bu barada Owganystanyň senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Azizi habar berdi.

“Tolonews” habarlar neşiriniň habar bermegine görä, Owganystanyň senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaaşçylygyndaky 300-den işewürden düzülen wekilçilikli topar 6 günlük Türkmenistandan saparyny tamamlap, owgan topragyna dolanyp geldi.

Owgan ministri owgan harytlarynyň sergisi bilen bir hatarda türkmen-owgan işewürler forumyna hem gatnaşdy.

– Serginiň çäklerinde owgan halylary satyldy. Türkmenistanyň raýatlary Owganystanyň ak mermerine gyzyklanma bildirdi. Owganystandan 100 müň kub metr möçberinde mermer sargyt edilmegi göz öňünde tutulýar – diýip, ministriň wezipesini ýerine ýetiriji belledi.

Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda birnäçe şertnamalara gol çekildi. Owgan telekeçileri beren beýanatynda, 50 müň tomma demir, 6 müň tonna demir önümleri, şeýle hem owgan mermerleri üçin şertnamalar baglaşyldy. Bu Owganystan üçin uly üstünlikdir.

Şeýle hem bu sergä Owganystanyň 15 zenan telekeçiler hem gatnaşyp, olar hem bu ykdysady forumyň çäklerinde öz önümleriniň satuwyny amala aşyrandygy bellenildi.

Owgan zenan telekeçileri hem türkmen hyzmatdaşlary bilen senetçilik, gymmat bahaly daşlar we haly ugurlarynda şertnama baglaşmaga mümkinçilik alandygy aýdyldy.

Şeýle hem Owganystan şeýle sergileri Özbegistan hem-de Gazagystan bilen bilelikde geçirmek üçin degişli gepleşikleri alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy