BIZNES

Halkalaýyn energo ulgamyň taslamasy durmuşa geçirilýär

Ýurdumyzda halkalaýyn energo ulgamyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamany maliýeleşdirmek maksady bilen Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň hem-de podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasy taslamany amala aşyrmak üçin degişli şertnamany baglaşdy. Häzir taslamany üpjün edijiler zerur serişdeleri getirýärler, gurluşyk batly depginlerde dowam edýär.

Bu halkalaýyn energoulgamyň taslamasynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berildi.

Gyzykly bolup biler..

Türkmenistanda täze iri energiýa taslamasy durmuşa geçiriler

Related posts

Soňky döwrüň iň köp girdejili kriptowalýutalary

Ata Watan Eserleri

Stambulda her aý bir metro: täze airporta metro açylyar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan petrolünün BTC akışına devam

vepa