Hytaýyň hökümeti Gruziýa üçin wizasyz düzgüni girizmek hakynda karar kabul etdi. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde hökümet mejlisinde habar berdi.
Gruzin metbugatynyň habar bermegine görä, Gruziýanyň raýatlary mundan beýläk 30 gün Hytaýda wizasyz galmaga mümkinçilik aldylar.
– Bu möhüm çözgüt biziň raýatlarymyzyň Hytaýa gidip-gelmegine ýeňillik döreder, şeýle hem Gruziýa bilen Hytaýyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze mümkinçilikler döreder – diýip, Premýer-ministr belläp geçdi.
Kobahizde bu çözgüdiň geçen ýyl Tbilisi bilen Pekiniň arasynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň möhüm netijeleriniň biridigini belledi.
