MEDENIÝET

Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli «Hünärim bar — hormatym bar» diýen at bilen guralan gelin-gyzlaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry başlandy. 

Bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşýar.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň birinji tapgyry agentlikleriň hem-de degişli edara-kärhanalaryň derejesinde ýaýbaňlandyryldy. Agentlikleriň hem-de edara-kärhanalaryň bäsleşikleriniň ýeňijileri ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýeňijileri kesgitlejek jemleýji bäsleşik tanyşlykdan (gulluk lybaslarynda 3 minutlyk çykyş), alyp barýan wezipelerini görkezmek boýunça çeper çykyşdan, milli el işlerini ýerine ýetirmekden, türkmen zenanlarynyň milli köýneklerini gadymy biçüwde, täzeçe öwüşginde, döwrebap keşde, basma, pugtama we ş.m. el işleri bilen bezelen nusgada şöhlelendirmekden hem-de milli şaý-seplerimizde moda görkezmekden ybarat bolar.

Bäşleşik Ak altyn myhmanhanasynyň «Ak altyn» restoranynda geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Ak şäherimiz Aşgabada bagyşlanan konsert

Ata Watan Eserleri

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär