JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Bu şanly gün mynasybetli hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu mümkinçilikden peýdalanyp, Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy