DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gruzin diline terjime etmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler.

Köp ýyllyk tejribesine eýerýän we ony berkitmäge mümkinçiligi bar bolan medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtaldy.

Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini gürrüň berdi hem-de hanym M.Gonaşwilini bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.

Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen, hanym M.Gonaşwili munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleriň, dostluk gatnaşyklaryň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň özara düşünişmeginiň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri