JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kononenkony gutlady

Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany O.D.KONONENKO

Çuňňur hormatlanylýan Oleg Dmitriýewiç!

Sizi uly üstünligiňiz — älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagyňyz bilen döwlet Baştutanymyzyň we onuň üsti bilen Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan gutlaýaryn.

Dogrudan-da, Ýere golaý giňişlikde jemi müň gije-gündizläp bolmak mertligiň we gahrymançylygyň nusgasydyr, ähli adamzada wepalylygyň hem-de janyň-teniň bilen gulluk etmegiň mysalydyr.

Türkmenistanyň Gahrymany, Siz älem giňişligini parahatçylykly özleşdirmäge, kosmonawtlaryň ählumumy ösüş maksady bilen geçiren ylmy-barlag, tejribe işleriniň netijelerini peýdalanmaga gönükdirilen pugta erk-islegiňizi görkezdiňiz. Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys. Ilkinji bolmak hemişe hormatlydyr, şol bir wagtda, ýeňil hem däldir. Sebäbi öňdebaryjy bolmak, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, ýurduň, Siziň ýagdaýyňyzda bolsa bütin dünýäniň öňünde hem ýokary jogapkärçilikdir. Täze ýeňişleriň ýolunda Siziň geljekde-de halkara kosmonawtikanyň tuguny mynasyp alyp gitjekdigiňize ynanýaryn.

Siziň kosmos rekordyňyzyň Türkmenistanda, dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara guramalarda şanly ýubileýiň — türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylandygynyň aýratyn manysy bardyr. Türkmeniň nusgawy şahyry öz şygyrlarynda dost-doganlygy wasp edip, parahatçylyga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyrdy, ylym-bilimiň möhüm ornuny belläp geçdi. Älem giňişligini öwrenmegiň, ony Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň bähbidine parahatçylykly maksatlar bilen ulanmagyň esasynda hem hut şu garaýyşlar we gymmatlyklar durýar.

Häzirki kosmos işiňizi tamamlanyňyzdan soňra, türkmen halky Sizi Magtymgulynyň şanly baýramçylygynda Türkmenistanda görmäge şat bolardy.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy.
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär