MEDENIÝET

Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy

Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsert maksatnamasynyň çäklerinde Hançžou şäheriniň Opera we tans drama teatrynyň artistleriniň, “On iki Sýantaý” sungat toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Oňa şowhunly aýdym-sazly, tans we akrobatika çykyşlary hem girizildi.

Hytaý operasyny özünde jemleýän “Milli medeniýetiň özeni” atly çykyşy tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşaçylar «Pekin», «Henan», «Şaosin» we beýleki operalardan sahna parçalaryny synlap, Hytaýyň täsin saz sungatyna aralaşmaga mümkinçilik aldylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýetiniň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutuldy.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri