SPORT

Türkmen türgenleri Gazagystanda türgenleşýärler

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gazagystanyň Şymkent şäherinde Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmen agyr atletikaçylary Pariž olimpiadasynyň saýlama tapgyryna girýän ýaryşlaryň birnäçesine geçen ýylda hem gatnaşdylar. Türgenlerimiziň käbiri bolsa bu oýunlarda çykyş etmäge has ýakyn geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, milli ýygyndynyň tälimçiler düzümi Şymkentdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna türgenleriň 12-sini alyp gitdi. Türkmen agyr atletikaçylaryna iri halkara ýaryşlaryň ikisi garaşýar. Olaryň biri fewral aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň çempionaty bolsa, ikinjisi aprel aýynda Tailandda guraljak dünýä çempionatydyr.

Agyr atletikaçylarymyz Gazagystanda 2-nji fewrala çenli türgenleşerler.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy