SPORT

Italiýanyň Naýbaşysy – “Inter” topary

Italiýanyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşykda “Inter” topary bilen “Napoli” topary duşuşdy. Final ýaryşynda “Inter” topary duşuşygyň ikinji ýarymynda Lautaro Martinesiň geçiren goly bilen 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, “Inter” topary bassyr 3-nji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy. Mundan ozal, şeýle üstünligi diňe “Milan” topary gazanypdy. Bu topar 1992-1994-nji ýyllarda yzly-yzyna naýbaşy kubogy eýeläpdi.

Umumylykda, “Inter” topary bu ýaryşda 8 gezek ýeňiji boldy. Italiýanyň Superkubogyny iň köp, ýagny 9 gezek “Ýuwentus” topary gazandy.

Related posts

Tokio-2020: ABŞ 4-nji gezek çempion boldy

NBA-da Donçiçdan täze rekord

Ronaldonyň maksady 250 duşuşykda oýnamak