BILIM

Aşgabatda Bütindünýä Hindi güni bellendi

Bütindünýä Hindi güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda çäre geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Her ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilýän bu çäre ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çäre bütin dünýäde Hindi dilini tanatmak üçin bellenilip geçilýär. Çäräniň dabaraly bölümini ýokary okuw mekdebiň rektory we Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, doktor Widhu P.Nair açdy.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory öz çykyşynda Türkmenistanyň gadymy we baý medeniýete eýe bolan, dünýä taryhynda uly yz galdyran ajaýyp şahsyýetleri bolan Hindistan Respublikasynyň halkyna uly hormat goýýandygyny aýtdy. Rektor hünärmenleri taýýarlamak barada aýdyp, institutda hindi diliniň 2009-njy ýyldan bäri öwrenilýändigini aýtdy. Institutyň rektory: «Uniwersitetimiz 15 ýyldan gowrak wagt bäri Bütindünýä Hindi dili gününi belläp gelýär. Diňe hindi dilini öwrenýän talyplar däl, eýsem, beýleki ähli talyplar hem oňa işjeň gatnaşýarlar» diýdi.

Çäräniň ahyrynda talyplar sahnada edebi kompozisiýalar, hindi dilinde goşgy okamak we Bolliwud tanslary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem institutda tematiki sergi guraldy. Sahnada çykyş eden talyplar ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

Related posts

Täze Strategiýa :emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Rumyniýa türkmen ýaşlaryna 105 talyp hakly okuw maksatnamalaryny hödürleýär

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti ähtnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri