DÜNÝÄ

Murat Kurum Stambul şäheriniň häkimi üçin dalaşgär görkezildi

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 31-nji martynda Türkiýe Respublikasynda ýerli saýlawlar geçiriler. Bu saýlawlarda ýurduň syýasy partiýalarynyň dalaşgärleri welaýat we şäher häkimi wezipesine üçin bäsleşerler. Esasan hem Türkiýede bu ýerli saýlawlarda ýurduň iri şäherleriniň häkimleri uly orun eýeleýär.

Bilşimiz ýaly, Staambul şäheriniň häkimi wezipesini alyp barýan JHP partiýasynyň dalaşgäri Ekrem Ymamogly täzeden bu wezipe üçin dalaşgär boldy. Hemmeler bu orun üçin ýurdy dolandyrýan Adalat we Ösüş partiýasynyň (AK parti) dalaşgäriniň kim boljakdygyny gyzyklanýardylar.

Bu wezipä üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Murat Kurumy dalaşgär görkezdi.

Murat Kurum Adalat we Ösüş partiýasynyň (AK parti) Stambul boýunça deputatydyr. Ol ozal ýurduň daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi boýunça ministr wezipesinde hem işledi.

Şeýle hem Ärdogan öz partiýasynyň 11 sany iri şäheriň we 26 welaýatyň häkimleri üçin dalaşgärlerini yglan etdi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi