Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ikinji gününde Abu-Dabi şäherinden ýurduň iri ykdysady we medeni-syýahatçylyk merkezi bolup duran Dubaý şäherinde birnäçe duşuşyklar geçirdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Dubaý şäherinde “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşykda BAE-niň iri energetika kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.
Bu duşuşyk tamamlanandan soňra “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky äthnama gol çekildi.
“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda öz işini 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işiniň esasy ugry “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.
Ýokary iş görkezijileriniň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama gol çekildi.
Golaýda “Dragon Oil” kompaniýasynyň Aşgabatda täze edara binasy açylypdy.
