TEHNOLOGIÝA

Tehnologiýa ägirdi “Xiaomi” elektrik awtoulagyny tanyşdyrdy

Smartfonlary we tehnologik enjamlary bilen tanalýan Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy elektrikli awtoulag önümçilik bazaryna girdi. Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýasy täze sedan “SU7” modelini resmi taýdan tanyşdyrdy.

Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş eden kompaniýanyň baş direktory Lei Jun, 15-20 ýyldan soň dünýädäki iň uly awtoulag öndürijileriniň biri boljakdyklaryny mälim etdi.

“Xiaomi” şereketi Hytaýyň ägirt uly kompaniýasy CATL bilen elektrikli awtoulaglarynyň batareýasy babatda iş alyp barýar.

Kompaniýanyň 150 kWt kuwwatyndaky batareýaly awtoulagy bilen 1200 kilometre çenli aralygy geçmek bolar, 132 kWt kuwwatyndaky batareýa bilen awtoulagyň 1000 kilometre çenli menzil geçmegi göz öňünde tutulýar.

Awtoulagyň içki bölegi hem dürli häzirki zaman tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama