MEDENIÝET

Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Aşgabatda konsert berdiler

Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Bu baýramçylyk konsertine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Konsertiň dowamynda türkiýeli ýyldyz aýdymçylar özleriniň sungat ýolunda meşhurlyk gazanan aýdymlary, şeýle-de täze döreden aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Konsertde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymdyr sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Türkiýeli bu ýyldyz aýdymçylar soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri bilen meşhurdyrlar. Ýaş aýdymçylaryň biri bolan Kurtuluş Kuş bolsa «Rüýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.

Ýurdumyzda, Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyk konsertlerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda her ýyl ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň konsertleri geçirilýär.

Türkiýeden hem köp sanly aýdymçylary Aşgabatda konsert maksatnamalary çykyş etdiler. Olaryň arasynda Mustafa Sandal, Mustafa Jejelı, Bengü, Gülşen, Murat Boz, Ferhat Göçer hem*de Serdar Ortaç ýaly aýdymçylar bar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri