Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinoçylary tarapyndan surata düşürilýän täze gysga çeper film Täze ýyl baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr. Rahymberdi Annagulyýewiň edebi ýazgysy esasynda režissýor Sapardurdy Annaýew tomaşaçylar üçin ajaýyp Täze ýyl filmini taýýarlaýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Aýazbabanyň keşbini artist Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär, baş keşplerde Orazgeldi Durdyýew (çopan – Baýram aga) we Perhat Babaýew (agtygy – Parahat) çykyş edýärler. Begenç Garlyýew, Mahym Nuryýewa we Rahymberdi Annagulyýew hem film üçin surata düşýärler. Filmi surata düşürýän topar olaryň filminiň Täze ýyl sowgady hökmünde baýramçylyk günleri teleýaýlymlarda görkezilmeginiň has-da buýsandyryjy waka boljakdygyny belleýärler.
Şu täze ýylyň öňýany «Türkmenfilm» kinostudiýasynda Gündogaryň akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze «Magtymguly» çeper filminiň üstünde-de iş dowam edýär. Režissýor Şyhmämmet Mollaýew Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Magtymguly Pyragy» pýesasy esasynda doly çeper filmi surata düşürýär. Täze filmiň ylmy geňeşçileri şahyryň durmuşy we döredijiligi boýunça hünärmenlerdir.