SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BMG-den Türkmenistana halkara güwänamalar gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin berlen güwänamalar barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzy halkara ähmiýetli bu hoş habarlar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Halkara ölçeglere we talaplara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza berlen birnäçe güwänamalar munuň aýdyň beýanydyr.

Şolaryň hatarynda

BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin” atly güwänamasy, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary bar. Täze güwänamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny 27-nji dekabrda geçiriljek ýaşlar forumynda gowşurmagy we bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy