TEHNOLOGIÝA

“Ata Watan Media” topary “Tesla” kompaniýasynyň täze ulagynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy

Dünýä belli elektrikli ulaglary öndürýän “Tesla” kompaniýasy täze ulagyny tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Dünýäniň iň baý işewürlerinden Ilon Maksyň eýeçiligindäki bu kompaniýa 30-njy noýabrda elektirkli pikap ulagyny halkara jemgyýetçiligine görkezer.

“Ata Watan Media” topary bu awtoulagy ilkinji hatarynda ýazgy eden metbugat neşirleriniň biri boldy. Kaliforniýanyň San-Hose şäherindäki “Tesla” kompaniýasynyň satuw merkezinde täze ulagyň tanyşdyrylyş sergisi guraldy. Oňa gatnaşan media toparymyz täze awtoulagy ýakyndan synlamak mümkinçiligine eýe boldy.

“Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjy Ilon Mask “Cybertruck” kysymly ulagyny 2019-njy ýylda tanyşdyrypdy. Ýöne onuň köpçülikleýin önümçiligi birneme yza süýşürildi. Mask muny ulagyň käbir bölekleriniň üpjün edilmeginiň zerurlygy bilen düşündirdi.

2023-nji ýylyň maýynda Mask “Tesla” kompaniýasynyň ulagynyň bu görnüşiniň her ýyl  250 müňüsini öndürmek mümkinçiligine eýedigini belläpdi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar