ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM
ARKADAG ŞÄHERINE WASPNAMA
Beýikde seleňläp çarpaýa galan,
Asman aty uçup barýan mysaly,
Bu şäheriň ak ýolundan garşylar
Belent buýsanç bilen «Akhan» binasy.
Gahryman milletiň Gahryman Ogly,
Arkadagyň ady dillere sena.
«Arkadag binasy» buýsanç bu ýere
Hem bu ýere derejedir bu bina.
Bu bina hem ähli halkyň hossary
Eziz Arkadagyň adyn göterýär.
Howandarlyga mätäç çagalaryň,
Geljegine uly umyt döredýär.
Görner ondan tutuş ýurduñ didary
«Baş baýdagyň» pasyrdysyna seret.
Synladygyñ saýy artar kuwwatyñ
Mertebeli ýerleñ ruhundan medet.
Göterýär bu täze akademiýa
Aba Annaýewiň belent adyny.
Atçylyk ylmyny hemra edinen,
Ýaşlar dowam eder bedew badyny.
Parahatlyk sazyn dünýä dolduryp,
Şükür bagşyň ady ýaşar bu ýerde.
Bu binada sungat joşar hem öser,
Ussat pendi baky galar jigerde.
Bu okuw binasy-sungat ussady
Sahy Jepbarowyň aýdym heňinde.
Dutaryň owazy, bagşyň mukamy,
Bu ýerde talyplaň golda, serinde.
Saçly Dursunowaň gaýratly görki,
Lukmançylyk mekdebiniň keşbinde.
Il saglygy—Watan bagty görünýär.
Ýurdun söýen lukmanlaryň kesbinde.
Ýurdumyzda gurlan ilkinji gezek,
Döwlet atçylyk sirkiniň binasy.
Eýe bolan Göroglynyñ adyna,
Täsin sungatlaryň kämil güwäsi.
Kalplary mukaddes sahna baglajak,
Aman Gulmammedow adyn göterýän,
Halkyň köňül küýsegi bu teatr—
Bu teatr ruhy lezzet eçilýär.
Arkadag şäher kitaphanasy-
Döwletmämmet Azadynyň isminde.
Içinde akylyň altyn gory bar
Paýhas manysy bar daşky keşbinde.
Asylly kesbini saýlan ýaş mugallymlaryñ mekany
Bu bina hem kaşaň kämil, hem ähli ýeri abadan.
Berdimuhamet Annaýew ussat mugallym,
kämil ynsan.
Bu gün adyň bu mekdepde şöhratlanyp dur ýaňadan.
Bentler
Owsun aldy gursagymyz,
Gadamlar göýä ýyldyrym.
Şa ýollaryň adyn synlap,
Keşbini gördüm ýyllaryň.
Gör ne belent, beýik nusga,
Geçmişin sarpalan Ärden.
Taryh geçip, taryh ýazýan
Göwnüň ganmaz bu şäherden.
Neneň mukaddes şäher bu,
Neneň keramatly ýerler.
Arkadagyň şanyn dünýä,
Bina bolup ýazar zerler.
Jemleme:
Synlap binalañ gatyndan, duýup peder pentlerini
Alkyş aýdýar eziz millet Gahryman Arkadagyna.
Rysgal, döwlete ýar eden oba, şäher, kentlerini
Türkmenistan buýsanýandyr Arkadagly Serdaryna.
Orazbibi Ýazmyradowna MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly
4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.