JEMGYÝET

Aşgabat şäheriniň häkimine berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümleri gözegçiligi gowşadandygy, Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzeltmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini gözegçiligi gowşadandygy üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Gurbanow Baýrammyrat Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzeltmek oňa soňky gezek duýduryldy.

 

Related posts

Milliarderleriň sany köpeldi

Ata Watan Eserleri

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekdäki goşandyna ýokary baha berdi

Türkmenistan TDG-niň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşdy