JEMGYÝET

Türkmenistan Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gaz eksport edýär

Türkmenistan häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün paýtagtymyz Aşgabatda öz işine başlan  «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz hatynda şeýle diýýär:

– Türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek, sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bardyr. Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýar.

27-nji oktýabra çenli dowam etjek bu foruma 40-a golaý döwletden 400-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Şol sanda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýalary sergide öz stendleri bilen tanyşdyrýarlar. Forumyň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar