JEMGYÝET

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistana geler

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 26-30-njy noýabry aralygynda Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar. Hytaýyň ýokary derejeli döwlet wekiliýeti Gazagystanda hyzmatdaşlyk boýunça gazak-hytaý komitetiniň 11-nji mejlisine, Türkmenistanda bolsa, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşar.

Hyzmatdaşlyk boýunça gazak-hytaý komiteti 2004-nji ýylda döredildi, onuň mejlisleri iki ýurduň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilýär.

Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň 6-njy mejlisi barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem habar berildi. Hasabat berlişine görä, bu komitetiň öňde boljak mejlisi 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.

Bu komitetiň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz, ulag we logistika, oba hojalygy, himiýa we dokamsenagaty, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalrar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri girizildi.

Related posts

Türkmenistan Belarus basınını yalanladı Türkmenistan bütün yükümlülüklerini tam yerine getiriyor

vepa

Türkmenistan, Bakü İslami Dayanışma Oyunları’na katılıyor

vepa

Arkadag şäherinde çagalaryň geljegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri