JEMGYÝET

“Simit dünýäsi” – lezzetlere baý täze kafe

Paýtagtymyz Aşgabatda täze kafe açyldy. Ol “Simit dünýäsi” ady bilen mundan beýläk öz müşderileriniň göwnünden turar.

Telekeçi Meýlismyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygynda açylan bu süýjüliklere we lezzetlere baý kafe golaýda öz gapylaryny müşderilerine açdy.

Paýtagtymyz Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde, ýagny Türkmenistanyň 15 ýyllygy söwda merkeziniň golaýynda açylan “Simit dünýäsi” kafesiniň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Bu ýere ýurdumyzyň belli sungat işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly myhmanlar geldi.

Täze kafeniň aýratynlygy näme? Ol hem müşderiler üçin dürli tagamlaryň elýeterli bolmagydyr. Bu ýerde müşderi islendik görnüşdäki tagamlary tapmak mümkinçiligine eýedir.

Dürli hilli süýjülik öünmleri, ýagny konditer önümleriniň islendik görnüşleri -tortlar, Türkiýäniň meşhur süýjülikleri bolan baklawa we beýleki süýji konditer önümleri müşderilerine garaşýar.

Mundan başga-da, kafede dürli tagamlar, ýagny et önümleri, beýleki ýerli we daşary ýurt tagamlary halkyň hyzmatynda.

Umuman, “Simit dünýäsi” kafesi, gündelik täze iýmitler, sowuk we gyzgyn içgiler, elin taýýarlanan desertler we tortlar, naharlar we ertirlik naharlary müşderilerine garaşýar.

Nahar iýmek, kofe içmek ýa-da gowy söhbetdeşlik etmek isleseňiz, ýakynlaryňyz bilen göwneja we oňat dynç almak isleseňiz, onda “Simit dünýäsi” kafesi dogry salgydyr.

Kafeniň gülerýüzli işgärleri siziň hyzmatyňyzda. Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Simit dünýäsi” kafesi Size garaşýar.

Kafeniň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 13-nji jaýy.

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+993 61) 06 06 06/ 19 06 06/ 20 06 06.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy: Instagram hasaby: simit_dunyasi_tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy