SPORT

Arda Güler sebäpli toparyň baş lukmany işden çykaryldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň baş lukmany işden çykaryldy. “Marca”, neşiriniň habaryna görä, ispan topary 2017-nji ýyldan bäri işläp gelýän toparyň baş lukmany Niko Mihiç bilen hyzmatdaşlyk etmegi bes etdi. Horwat lukman 2017-nji ýylda toparyň baş lukmany bolup işe başlapdy.

Toparyň baş lukmanynyň işden çykarylmagynyň esasy sebäpleriniň biri ispan toparynyň täze satyn alan futbolçysy Arda Güler boldy. Şeýle hem Arda Gülerden başga-da birnäçe futbolçynyň şikes almagy, täzeden dikelenden soňra hem gaýtadan şikes almagy “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçy düzüminiň baş lukmany işden çykarylmagy babatda çözgüt kabul etmegine getirdi.

Ilkinji nobatda Arda Güler bilen baglanyşykly wakalar köpleri haýran galdyrdy. Bu futbolçy yzygiderli şikes alyp, myşsalaryň zeperlenmegi bilen kyn günleri başdan geçirýär.

Mundan başga-da, şeýle ýagdaýlar Karim Benzema, Dawid Alaba we Dani Sebalos ýaly futbolçylarda hem bolup geçdi.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar