SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar

Amerikanyň “Moderna” biotehnologiýa kompaniýasy Hytaýda özüniň ilkinji farmasewtika zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär. Amerikan kompaniýasy munuň üçin 3.6 milliard ýuan (501 mln$) möçberinde maýa goýumlary özleşdirer.

Şanhaýyň Minhan etrabynda 18 gektar meýdanda bu zawod gurlar. Bu babatda Şanhaý şäheriniň ykdysadyýet we informatizasiýa boýunça komiteti, Minhan etrabynyň halk häkimiýeti we “Moderna” kompaniýasynyň arasynda üçtaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.

“Moderna” kompaniýasy düwnük keseliniň immuno bejergisi üçin waksinalary işläp düzmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasydyr. Şeýle hem kompaniýa dürli ýokanç kesellere garşy sanjym öndürmekde hem uly tejribe eýedir.

Related posts

Türkiýe hem “Sputnik V” sanjymyny ulanmakçy

Russiýa 5 ýurt bilen howa gatnawyny dowam etdirýär

Awtokombinat: Dowamat-dowam we Tehnologiýalar binasyna täze gatnaw