SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkara uçra gatnawlaryna çäklendirme girizipdi. Dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, ilkinji tapgyrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine hem-de Tatarystanyň Kazan şäherine adaty halkara uçar gatnawlary ýola goýuldy. Bu ugurlar boýunça ilkinji gatnawlar eýerine ýetirildi.

Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça bolsa, ozal hem köp sanlysy amala aşyrylan halkara ýörite uçar gatnawlar dowam etdirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu awiakompaniýa soňky Türkmenistan ugurly ýörite gatnawyny 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnaw amala aşyrypdy.

 

 

Ýurdumyzyň instituty Aziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy