BILIM

Türkmenistan bilen Türkiýe bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklaryň biri Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginde geçirildi.

Türkiýäniň Milli Bilim ministrliginiň resmi saýtyndaky habara görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow milli bilim ministriniň orunbasary Jelile Eren Ökten bilen duşuşdy. Duşuşykda bilim ulgamyndaky türkmen-türk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Tükriýäniň Milli bilim ministrliginiň wekili Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biriniň Türkiýe bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol 1992-nji ýylda açylan bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň häzirki wagta çenli öz işini alyp barýandygyny uly kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistandan müňlerde talybyň Türkiýede ýokary bilim alýandygyny bellän Jelile Ökten bu talyplaryň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň geljekki nesillere düşündirmekde möhüm wezipäni öz üstüne alan medeniýet ilçileri bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem ol Türkiýäniň bilim we ylym ulgamyndaky tejribeleri Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny belledi.
Türkiýäniň bilim derejesiniň ýokarydygyny bellän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Türkiýede bilim alýan türkmen ýaşlarynyň Türkmenistanda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi we iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm taslamalaryň bardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar