DÜNÝÄ

Hytaýyň ozalky Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan aradan çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan 68 ýaşynda Şanhaý şäherinde  aradan çykdy. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Li Kesýanyň dalaşgärligi 2013-nji ýylyň martynda Hytaýyň Ählihytaý ýygnagynyň halk wekilleri tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine tassyklanypdy. 2018-nji ýylyň martynda ol bu wezipä täzeden saýlanypdy.

Li Kesýan Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesinde işlän döwründe durmuş-ykdysady meselelere has köp üns berip, ýurtda işsizligiň azaldylmagy, şäherdäki we obalardaky halkyň girdejileriniň artdyrylmagy ugrunda giň tagallalar etdi.

2013-2014-nji ýyllarda Hytaýda içerki sarp edişiň möçberi artdy, ol hem halkyň girdejileriniň artmagy bilen berk baglanyşykly boldy.

Li Kesýan 10 ýyllyk maksatnamanyň – “Hytaýda öndürildi-2025” strategiýasynyň öňbaşylarynyň biridir. Bu strategiýa Hytaýyň milli gaýtadan işleýän senagatynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Li Kesýan 2023-nji ýylyň martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesini Li Sýana tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistan’da Maden Endüstrisinde Yeni Döneme Giriliyor

vepa

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

12-nji sentýabr – nemes diliniň güni

Ata Watan Eserleri