JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mustafa Atatürki hatyralady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny bu dostlukly döwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmakdan başlady. Munuň özi türk halkynyň milli gahrymanyna bildirilen hormatyň nyşanydyr. “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Irden ýadygärlik toplumyna gelende, belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýäniň resmi adamlary garşyladylar. Şeýle-de bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Atatürküň guburynyň öňündäki ýörite bellenen ýerde gül desselerini goýmak bilen, doganlyk türk halkynyň liderini hatyralady. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň Misak-i milli (Milli ylalaşyk) binasyna baryp, Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

«Anytkabiriň» altyn mozaika bilen örtülen piramida görnüşli gümmezli däp bolan sekizburçluk şekilinde bina edilen Hormat zalynda ilkinji Prezident Mustafa Kemal Atatürküň gubury ýerleşýär. Muzeýde onuň bilen bagly ýadygärlik zatlar, şahsy goşlary saklanýan bolsa, arhitektura desgasynyň içinde simmetrik usulda bina edilen 10 sany diň Atatürküň Türkiýe Respublikasynyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren iň möhüm ideýalaryny alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi