JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ankaradaky Magtymgulynyň ýadygärligine gol goýdy

Türkiýede resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň Ankarada ýerleşýän ýadygärligine gül goýdy. «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan bu ýadygärlik ussat şahyryň hormatyna 2012-nji ýylda bina edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gül goýmak çäresiniň geçiriljek ýerine gelende, hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gül dessesini goýmak bilen, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde tagzym etdi.

Şol pursatda ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bilelikde baş egdiler. Munuň özi geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek akyldar şahyra goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Related posts

Türkmen atlı sirk grubu, Rusya’da Altın Gaetano ödülüne layık görüldü

vepa

Internetiň tizligini barlamak üçin

Türkmenistan Yaşlılar Konseyi toplantısı yarın başlıyor

vepa