MEDENIÝET

Kinofestiwalyň jemleýji gününde ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalynyň jemleýji gününde kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy, şeýle hem bu kinofestiwalyň ilkinji gününiň wakalary baradaky wideofilminiň görkezilişi dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy.

Dabaraly pursat — Halkara kinofestiwalynda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy başlandy. Gazagystanyň “Gopuz”, Täjigistanyň “Sary çeşme”, Türkmenistanyň “Toý köýnek”, “Umyt”, “Nesibe”, Özbegistanyň “Üzüm”, “Meniň arzuwym Özbegistan”, Gyrgyzystanyň “Umut”, “Öz kakasynyň ogly”, “Poçtasy” filmleri, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň “Bozdag” Group kompaniýasy, Russiýanyň “Ahalteke” atly filmi, diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň “Sary ömür” filminiň hem-de ikinji orny eýelän Gyrgyzystanyň “Gelin heýkeli” filminiň döredijilik toparlaryna sylaglar gowşuryldy.

Halkara kinofestiwalynda birinji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň “Kagyza ýazylan ykbal” filmine “Akhan” binasynyň keşbindäki kubok gowşurylýar.

Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdag we «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýarlar.

Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, kazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. “Arkadag şäheri—bagtyň şäheri” aýdymy medeni çäräniň aýratyn bezegine öwrüldi.

Ýene-de okaň

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi badalga aldy