DÜNÝÄ

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle-de, diplomat Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gazanan tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Related posts

Avaza sınır karakolu açıldı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar