BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tehniki tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 54 öýli 8 sany hem-de 9 gatly, 36 öýli 12 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi we seýilgähi gurmak üçin bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

Dünýäniň baýlarynyň ýitgileri

Ata Watan Eserleri

Türkmen-türk işewürler geňeşi geçirildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tender yglan etdi