BIZNES

Germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

«Pursatdan peýdalanyp, şeýle hem germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etmek isleýärin. Elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlary bolup biler» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly, möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär.

«Biz «ýaşyl» energetikanyň geljegiň energiýasyna düşünmek bilen häzirki wagtda milli derejede gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirýäris» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistnan wodorod energetikasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin aýratyn möhüm ugurdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigine ynanýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär