MEDENIÝET

Zylyha Kakaýewa Kazandaky halkara festiwala gatnaşar

Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Zylyha Kakaýewa we “Galkynyş” tans topary Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek “Kazandaky Gündogar bazary” atly milli medeniýetiň halkara festiwalyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsullyk edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň 21-27-nji oktýabry aralygynda Kazan şäherinde halkara festiwal geçiriler. Bu festiwal Russiýada geçirilýän ilkinji hem-de iri köp milletli halkara festiwallaryň biri bolup, döwletara hem-de halklaryň arasyndajy medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, türki we gündogar halklarynyň arasyndaky medeniýeti ösdürmek, türki we gündogar halklarynyň halkara derejesinde döredijilik mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen guralýar.

Bu festiwalyň gala-konsertinde türkmen sungat ussatlary çykyş ederler. Ol baýramçylyk dabarasy 27-nji oktýabrda “Piramida” konsert-dynç alyş toplumynda geçiriler.

Related posts

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirildi

Aşgabat Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we suratlary bilen bezeldi