SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde ilkinji ýüzýän metjit Dubaýda açylar

Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk mekany Dubaý şäheri ýene-de bir özboluşly desganyň gurluşygyna girişdi. Şäheriň yslam we haýyr-sahawat işleri boýunça departamenti dünýäniň ilkinji ýüzýän metjidiniň gurluşygyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Umumy bahasy 15 million dollara barabar boljak metjidi 2024-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu desga dyn syýahatçylygyny ösdürmek babatda möhüm desgalaryň birine öwrülip, Dubaýa gelýän jahankeşdeleriň sanyny artdyrmaga gönükdirilen taslamadyr.

Özboluşlylygy bilen tapawutlanjak metjit 3 gatly bolup, onuň 2 gaty suwuň aşagynda gurlar. Desgada sapaklar geçmek üçin zallar ýerleşdiriler. Metjitde birbada 50-75 adamyň ybadat etmegi üçin mümkinçilik dörediler.

 

Related posts

Türkmenistanda onkologiýa, pediatriýa we stomatologiýa merkezleri açylar

Kiýew-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

Koronawirus sanjymyny satyn alar

Ata Watan Eserleri