Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 199 birža söwdalary geçirilip, 20 müň 114 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri sergileriň 11-si we maslahatlaryň 49-sy geçirildi.
Şu ýylyň sekiz aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.
