BIZNES

Oba hojalygynda düýpli maýa goýumlary özleşdiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgerýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler.

«Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribesini ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris.

«Biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribesini ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Ekinleriň naýbaşy tohumlaryny önümçilige ornaşdyryp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejesinde kämilleşdirmelidiris» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy