Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar-Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigi hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasy özara netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar bolsa, netijeli häsiýete eýe bolup, häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykaryldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
