SPORT

Ýewropa futbolyndaky soňky transferler

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda tomusky transfer möwsümi tamamlandy. Möwsümiň ahyrky günlerinde Angliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň çempionatlarynda çykyş edýän toparlar käbir futbolçylary satyn aldylar, käbirlerini bolsa, başga topara wagtlaýynça kärendesine berdiler.

Angliýanyň geçen ýylky çempiony “Mançester Siti” topary Koul Palmeri “Çelsi” toparyna satyp, onuň ornuny tutjak futbolçy bolan “Wulwerhepmton” toparyndan Mateuş Nuneşi 40+5 million funt-sterlinge satyn aldy.

Ispaniýanyň çempiony “Barselona” topary bolsa, ýaş futbolçysy Ansu Fatini Angliýanyň “Braýton”, goragçysy Kleman Langleni “Aston Willa” toparyna kärendesine berdi. Ispan topar bu futbolçylarynyň ornuna bolsa, “Atletiko Madrid” toparyndan Joau Feliksi, “Mançester Siti” toparyndan bolsa Žoau Kanselony kärendesine aldy.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň derwezeçisi Altaý Baýyndyry satyn aldy, Jonni Ewasn bilen şertnama baglaşdy, Sofýan Amrabaty “Fiorentina” toparyndan karendesine aldy, öz futbolçysy Meýson Grinwudy bolsa Ispaniýanyň “Hetafe” toparyna iberdi.

Fransiýanyň çempiony “PSŽ” topary güýçli futbolçylary Lionel Messi hem-de Neýmaryň topardan gitmeginden soňra toparyň düzümini güýçlendirmegi dowam edýär. Fransuz topary “Aýntraht” toparyndan Kola-Muanini 95 million ýewro satyn aldy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler