SPORT

«Ýuwentus» Ronaldony satmakçy

Turiniň «Ýuwentus» futbol topary portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldu bilen ýollary aýyrmakçy. Bu barada «Diario Sportuň» habarynda aýdylýar.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, hüjümçi 2021-nji ýylyň tomsunda transfere goýlar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem futbolçynyň ýokary hakydyr. Mälim bolşy ýaly, Turin şäheriniň topary oňa her ýylda 31 million ýewro töleýär. Şonuň üçin hem topar 35 ýaşly hüjümçi bilen şertnamany uzaltmakçy däl.

Koronowirusdan açylandan soňra geçiren ilkinji duşuşygynda Ronaldonyň iki gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys.

Ronaldo «Ýuwentusuň» düzümine 2018-nji ýylda goşuldy. Portugaliýaly hüjümçiniň transferi Turin şäheriniň toparyna 100 million ýewro düşdi. Topar bilen 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşan Ronaldu Italiýanyň çempiony we Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.    

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy