Dünýä çempiony we Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” topary ABŞ-da geçirilýän Liga kubogynda finala çykdy. Ýarym final duşuşygynda “Inter Maýami” topary “Filadelfiýa” toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.
Liga kubogy – toparlaryň arasynda geçirilýän ýaryş bolup, oňa ABŞ-nyň we Meksikanyň toparlary gatnaşýar. Şu ýyldan başlap, ol KONKAKAF tarapyndan geçirilýän resmi ýaryşlaryň birine öwrüldi.
Bu ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlar KONKAKAF Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk alýar.
Final duşuşygy 20-nji awgustda geçiriler.
“Inter Maýami” toparyna geçip, bu topar bilen Liga kubogynyň ýaryşlarynda çykyş edip başlan Messi 6 duşuşykda 9 gol geçirmegi başardy.
20-nji awgustda “Inter Maýami” topary ýeňiş gazanan halatynda topar özüniň ilkinji kubogyny, Messi hem bu topardaky ilkinji kubogyny gazanmagy başarar.
