SPORT

Iň az pökgi geçirden derwezeban

Tibo Kurtua “La Liganyň” möwsüminde iň az pökgi geçirden derwezeçä berilýän “Samora” kubogyny almak miýesser etdi. “Real Madrid” toparynyň ýeňiji bolan esasy oýunçylaryndan biri bolan derwezeçi “La Liganyň” 34 oýnunda 20 pökgi geçirdip, her oýunda ortaça 0,59 gol bilen tamamlaýar.

Tibo Kurtua Russiýada 2018-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda “iň gowy derwezeçi” adyna mynasyp bolup, 2018-nji ýylyň tomsunda “Real Madrid” toparyna geldi. Şondan bäri, topar bilen 77 gezek çykyş edip, “Klublar dünýä çempionatynda”, “La Ligada” we “Ispaniýanyň Super kubogynda” ýeňiji boldy.

Kurtua “Samora” kubogyny üçünji gezek, şu möwsümde başga-da 2012/13-nji we 2013/14-nji ýyllaryň möwsüminde hem eýeläpdi.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri