SPORT

Meşhur ispan futbolçysy BAE-niň topary bilen şertnama baglaşdy

Meşhur ispan futbolçysy Andres Iniesta Birleşen Arap Emirlikleriniň “Emirates” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada BAE-niň toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Barselona” toparynyň ozalky ýarymgoragçysy Iniestanyň Lionel Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” toparyna geçjekdigi aýdylýardy.

Ýöne ispan futbolçy BAE-de futbol durmuşyny dowam etdirjekdigini belledi. Toparyň resmi saýtynda “Hoş geldiň, Iniesta” diýlen habar bilen ispan futbolçysy bilen şertnama baglaşylandygy mälim edilýär.

“Barselona” toparynyň düzüminde oýnan döwründe 9 gezek Ispaniýanyň çempiony bolan Iniesta 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy we 2018-nji ýylda Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparyna geçipdi. Bu topar bilen 2021-nji ýylda şertnamasynyň möhletini ýene-de 2 ýyl uzadypdy.

39 ýaşyndaky futbolçy Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 4 gezek dünýä çmepionatyna gatnaşyp, 2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen çempionatda çempion bolupdy.

Related posts

1008-nji duşuşyk: Mourinýo:1 – 6:”Bude Glimt”

Çempionlar ligasy Lissabonda oýnalar

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Leave a Comment