SPORT

Gazak tennisçiniň taryhy ýeňşi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakinany gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlady.

– Gazak tennisçi gyz Ýelena Rybakina dünýäniň iň gadymy we abraýly “Uimbldon” tennis ýaryşynda taryhy ýeňiş gazandy. Bu türgeni tüýs ýürekden gutlaýaryn – Kasym-Žomart Tokaýew “Twitter” jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, düýn Gazagystanyň birinji derejeli tennis türgeni Ýelena Rybakina tennis boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çäklerinde geçirilýän dünýäniň iň meşhur “Uimbldon” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasynda ýeňiş gazandy. Ol Angliýada geçirilen ýaryşyň başyndna bäri görkezen ynamly oýny bilen hemmeleri haýran galdyrdy.

Ýelena Rybakina final duşuşygynda ýene-de bur ýaryşda birinji gezek finala çykan Tunisiň türgeni Ons Žaberi 3:6, 6:2, 6:2 hasabynda ýeňip, ýeňiş gazandy. Bu duşuşyk 1 sagat 50 minut dowam etdi.

Şeýlelikde, ilkinji gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynda gazagystanly tennisçi ýeňiş gazandy.

Şeýle hem Rybakina “Uimbldon” tennis ýaryşynda 2011-nji ýyldan bäri ýeňiş gazanan iň ýaş türgen boldy. Şeýle hem ol 2 million funt-sterling pul baýragyny gazandy.

“Uimbldon” tennis ýaryşy 27-nji iýun-10-njy iýul aralygynda geçirildi. Onuň baýrak gaznasy – 40 million 350 müň funtdyr. Iň köp baýrakly “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň biridir.

 

Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlaýarlar

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady